DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ÝUNESKO WE MILLI MRAS

Şeýle at bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi.

BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN MASLAHAT

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen muzeýiň bilelikde guramagynda geçirilen “Rysgal-bereketli, döwletli Watan” atly maslahaty Hasyl toýuna bagyşlandy. Maslahatda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösüşi, kärendeçi daýhanlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda gürrüň edilip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň mynasyp ornunyň bardygyny buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar muzeýde Hasyl toýy mynasybetli guralan “Berekediň, bolçulygyň baýramy” atly baýramçylyk sergisine syn etdiler.01.11.2023 ý.

MILLI MIRASYMYZYŇ SARPASY

28-nji oktýabrda baýramçylyk ruhuna beslenen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan-umumadamzat gymmatlyklaryň mekany” atly maslahatyň açylşy dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde belent heňde ýaňlanan aýdym-sazlara, şowhunly tanslara we edebi-sazly çykyşlara beslendi.

YLHAM ÇEŞMESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ýetilen beýik sepgitleri çeperçilik sungatynyň üsti bilen wasp etmek maksadynda, muzeýde welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde welaýatymyzyň suratkeşleriniň, çagalar çeperçilik mekdepleriniň okuwçylarynyň, mugallymlarynyň arasynda “Garaşsyzlyk–beýik ylham çeşmesi” atly sergi bäsleşigi geçirildi.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ HORMATYNA

Döwrüň beýik ruhundan galkynan bagtyýar halkymyz häzirki wagtda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmaga uly taýýarlyk görýär.

JOŞGUNLY KÖŇÜLLERIŇ OWAZY

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň “Garaşsyzlyk–dillerimiziň dessany” atly festiwalynyň açylyş dabarasy ýakymly, ýatda galyjy pursatlara beslendi.

DÖWRÜŇ RUHY JOŞGUNYNYŇ DABARASY

Aziýanyň merjen şäheri diýip taryp edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabatda Medeniýet hepdeligi uly şatlyk-şowhuna beslendi. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen her bir dabaraly çärede milli medeniýetimiziň gadymylygy, özboluşlylygy we köp öwüşginliligi şöhlelendi. Şeýle baýramçylyk sergileriňdir, maslahatlaryň ençemesi Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de geçirildi.
* * * * *

Ylhamym, joşgunym – Türkmenistanym

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ençeme täze eserlerini Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde sergiläp, halkymyza ýetiren Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň suratkeşleriniň we heýkeltraşlarynyň “Ylhamym, joşgunym–Türkmenistanym” atly sergisi bu gezek hem köp adamly boldy. Sergide ýerleşdirilen eserleriň her biri, şekillendiriş sungatynyň biziň durmuşymyz bilen berk baglanşykly bolup kalbymyzyň töründen baky orun alandygyna şaýatlyk edýär.

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

   Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan il bähbitli işleri wagyz etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de dürli medeni çäreler giňişleýin geçirilýär.

GAHRYMANLAR ÝÜREKLERDE BAKY ÝAŞAÝAR

1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň   78 ýyllygy mynasybetli muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Gahrymanlar ýüreklerde baky ýaşaýar” ady bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide döwürleriň hem nesilleriň arasyndaky mizemez baglanyşygy has-da berkiden, parahat durmuş, bagtyýar geljek üçin şirin janlaryny gurban eden merdana gerçeklerimiziň geçen gahrymançylykly ýoluny beýan edýän nakgaş eserleri bilen birlikde, tylda zähmet çeken adamlaryň durmuşy baradaky maglumatlar hem giň orun aldy.