DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

BU GÜN DÜNÝÄ DOLDY BEDEW SARPASY.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi bilen bilelikde muzeýde gurnalan “Şan-şöhraty arşa dolan bedewler” atly söhbetdeşlik türkmeniň buýsanjyna öwrülen bedewleri wasp edýän çykyşlara beslendi.

ZEHINLILERI ÖŇE SAÝLAN BÄSLEŞIK

          Golaýda muzeýimizde Daşoguz welaýat  medeniýet müdirliginiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-nyň welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik  mekdebiniň guramagynda Türkmen halkynyň  alabaý  itini  çeperçilik sungatynda wasp etmek maksady bilen Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, welaýatyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň nakgaş bölüminiň mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylarynyň

ÝAŞAÝŞYŇ BEZEGI SIZ, ZENANLAR!

Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň    gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Kararyna laýyklykda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjy   gelin-gyzlary gutlap, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurdy.   

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen amaly maslahat.

“Maddy medeni mirasy öwrenmek hem-de muzeýleşdirmek” ady bilen ýakynda, ýurdumyzyň taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň hem-de muzeýleriniň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen amaly maslahata Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de “Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň” hünärmenleri gatnaşdylar.

GADYMY SENET – YLHAMLY SUNGAT

      “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gadymy  senet-ylhamly  sungat” atly maslahat we sergi geçirildi.

ARKADAGYŇ ESERLERI AK ÝOLLARYŇ DOWAMATY

      Uly üstünliklere beslenen “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň toýlanýan gününde hormatly Prezidentimiziň halkymyza ýene-de bir täze eserini sowgat bermegi, halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu baýramçylyga bagyşlap, “Ýaşasyn parahat durmuş!” diýip atlandyrylan täze ýazan goşgusyndan ruhlanyp Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “ARKADAGYŇ ESERLERI AK ÝOLLARYŇ DOWAMATY” atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

ARKADAGLY ZAMANDA GALKYNÝAR MEDENIÝET

ady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi. “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda muzeý işinde gazanylan üstünlikler hem-de geljek 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýip atlandyrmak baradaky öňe sürülýän teklibiň muzeý işgärleriniň arasynda hem gyzgyn goldawa eýe bolandygy baradaky buýsançly çykyşlar dabaranyň esasy mazmuny boldy.

BUÝSANÇNAMA

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ýanwar aýynda yglan eden “Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap” atly bäsleşigi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagynda hereket edýän döwlet muzeýleriniň arasynda geçirildi.

USULYÝET MASLAHATYNA GATNAŞYLDY

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda “Şekillendiriş sungatyna degişli muzeý gymmatlyklaryny hasaba almagyň we gorap saklamagyň usulyýeti” atly wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geiçrildi. MaslahataTürkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Watan mukaddesligi muzeýiniň şeýle-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň muzeýleri bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem gatnaşdylar. 

Akyl hazynasy–paýhas merjeni

Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler zalynda “Akyl hazynasy–paýhas merjeni” ady bilen, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösmlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň XIII tomunyň sowgat berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata welaýatyň çäginde hereket edýän muzeýleriň işgärleri gatnaşyp, “Türkmenistanyň dermanlyk ösmlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik eseriniň ähmiýeti, muzeý işgärleri tarapyndan wagyz edilişi dogrusynda çykyşlar edildi.