Golaýda Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi guraldy. Sergide gyz–gelinlerimiziň ezber elleriniň gudratyndan dörän türkmen halylarynyň nusgalary, hormatly Prezidentimiziň türkmen halyçylyk sungatyny wasp edýän “Enä tagzym mukaddeslige tagzym”, “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp eserleri, milli saz gurallarynyň birnäçe görnüşleri tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle hem bu ýerde guralan göçme sergide ene–mamalarymyzyň nesilden–nesile geçirip gelýän el işleri hem öz beýanyny tapyp, dürli reňkli matalardan guralyp tikilen gurama işleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Gadymyýetden söz açýan bu sergide talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklary dogrusynda özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogaplary aldylar. Sergä syn edenler, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhymyza buýsançlaryny beýan etmek bilen Gahryman Arkadagymyza milli mirasymyzy toplamak, aýawly saklamak we röwşen ertirlere ýetirmek babatynda döredýän şertleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar