Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi.
2011-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanmaga berlen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, işlemek üçin doly şertleri bolan ýurdumyzyň döwrebap muzeýleriniň biridir .
Muzeý diňe bir Daşoguz şäheriniň binagärçilik keşbine ajaýyp goşant goşmak bilen çäklenmän, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem möhüm orny eýelär.
Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde türkmen halkynyň buýsançly geçmişi barada gürrüň berýän gymmatlyklar bilen bir hatarda biziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň üstünlikleriniň subutnamalary hem öz ornuny tapýar. Bu subutnamalarda geçmiş bilen şu gün birleşip ruhy bitewilik emele gelýär.
Muzeý 3 gatdan ybarat bolup, onuň 1-nji we 2-nji gaty ekspozisiýa bölümleri bolsa, 3-nji gaty ylmy işgärleriň kompýuterler bilen üpjün edilen we administratiw otaglaryndan durýar. Muzeýiň ekspozisiýasy 6 sany bölümden ýagny Garaşsyzlyk,
Tebigat, Şekillendiriş sungaty, Taryh, Etnografiýa we wagtlaýyn sergiler bölümlerinden ybaratdyr. Mundan başga-da muzeýde kitaphana, arhiw, suratkeşiň, kiçi tipografiýa otaglary bar. Ýüň, ýüpek ýaly matalardan bolan eksponatlary uzak wagtlaýyn ýagny, belli bir howa şertinde saklamaga mümkinçilikleri döredýän konserwasiýa otaglary bar.
Muzeýiň birinji gatynda ýerleşýän Garaşsyzlyk bölümi esasy bölümleriň biri bolup, ol giň, özbaşdak eýwany eýeleýär we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe welaýatymyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, amala aşyrylýan tutumly işleri, gazanylan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri teswirlemeklige, hemmetaraplaýyn beýan etmeklige bagyşlanan. Bu esasan fotosuratlaryň, resminamalaryň, maglumatlaryň we esbaplaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
Ekspozisiýada Daşoguz welaýatynyň ykdysadyýetiniň ösmeginde, durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, oba hojalygyny we beýleki pudaklary ösdürmekde alnyp barylýan işleri foto-suratlaryň, resminamalaryň, maglumatlaryň we eksponatlaryň üsti bilen beýan edilýär.