DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY ZALY

 

Türkmen şekillendiriş sungatynyň kökleri gadymy döwürlerden gaýdýar. Irki döwürlerde şekillendiriş sungaty keramika, möhürlere, bezeg esbaplaryna, bina bezeglerine geçirilipdir. Ol döwürlerde tebigy reňkler ulanylypdyr. Orta asyrlarda binalaryň bezeginde angob, syrça, mozaika sungaty ýokary derejä ýetipdir.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminde welaýatyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri we şahsyýetleri şekillendirýän sungat eserleri, keramika önümler öz beýanyny tapýar.

Muzeýiň şekillendiriş sungaty bölümini ajaýyp surat eserleri bilen baýlaşdyrmak zamanamyzyň zehinli suratkeşleriniň paýyna düşýär. Döredijilik ýoluny geçen suratkeşler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ajaýyp ruhy dünýäsini, ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini beýan edýän eserleriň ençemesini döredýärler. Ekspozisiýada belli suratkeşler H.Annaçaryýewiň, D.Baýramowyň, S.Meredowyň, G.Guseýnowyň heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň, S.Babaýewiň, M.Myradowyň, keramikaçy S.Muhammedowanyň eserleri görkezilýär.

    Türkmen suratkeşleriniň halkyň gadymy taryhyny beýan edýän taryhy eserleri, türkmen sungatynyň gadymyýetden gelip çykmagy, Türkmenistanyň çäginde ýaşan halklaryň taryhyny, medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän eserleri türkmen taryhyny öwrenmekde hünärmençiligiň belli-belli ugurlary, hususan-da küýzegärçilige degişli ylmy barlaglaryň uly ähmiýeti bar.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda, türkmen suratkeşleri üçin hem hakyky ruhubelentligiň we döredijiligiň görlüp-eşidilmedik zamanasyna öwrüldi.