DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ETNOGRAFIÝA ZALY

Etnografiýa zalynda türkmen etnograflarynyň halkyň uzak asyrlaryň dowamynda döredip, timarlap häzirki günlerimize ýetiren däp-dessurlary, edim-gylymlary, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, meşgullanan kesp-kärleri, ahlak sypatlary, millilik görkezilýär.

Türkmenistanda ýerler esasan öz ugruna akýan suwlar bilen suwarylypdyr. Daşoguzyň etraplarynda birnäçe bentler gurlupdyr. Türkmenlerde suwy ýokaryk çykarýan desgalar giňden ýaýrapdyr, jykyrlar peýda bolupdyr. Ekspozisiýanyň dioramalarynda we witrinalarynda suwaryş ulgamy bilen bir hatarda ekerançylyk, maldarçylyk, awçylyk görkezilýär. Tema bilen baglanyşykly goýlan eksponatlar şol dowürdäki adamlaryň ýaşaýyş durmuşyndan habar berýär.

Gadymy döwürlerden bäri Daşoguz welaýatynyň halyçy gelin-gyzlary aýratynlygyny saklap galan özboluşly nagyşly haly önümlerini öndüripdirler XIX asyrda bu ülkäniň gelin-gyzlary haly önümlerinde goýun ýüňünden başga-da geçi çöpründen we düýe ýüňüni, şeýle hem ak nah ýüp ulanypdyrlar. Hala agramlyk bermek, şeýle hem daragyň oňat taýmagy üçin goýun ýüňüne geçiniň çöprüni goşupdyrlar.

Taryhy asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň arasynda keçäniň hem orny uludyr. Türkmen keçe üçin diňe goýun ýüňünden peýdalanypdyr. Ýurdumyzyň demirgazyk, günbatar taraplarynda keçäniň iki ýüzi-de nagyşlanýar, olar göwrüm taýdan ulurak we ýumşagrak bolupdyr.

Biziň eýýamymyzyň ilkinji asyrlaryndaky jaýlar biri-birine meňzeş häsiýetde gurulypdyr. Hersiniň düzümine bir esasy giň otag giripdir. Onuň içinde birnäçe ojak, ahyrlar, hojalyk çukurlar we örän köp öý goşlary saklanypdyr. Mundan başga-da bir ýa iki ammar, ýene-de bir ýa iki ýaşaýyş otaglar bolupdyr. Olaryň biri myhmanhana hökmünde ulanylypdyr.

Türkmeniň gurnama öýi, onuň ýaşaýyş jaýlarynyň bir görnüşidir. Ekspozisiýanyň merkezinde türkmeniň gurnama öýi bezegi, öý goşlary bilen görkezilýär.

Bölümde halkyň çeper döredijiligi, dessançy bagşylaryň,sazandalaryň ömür ýollary barada hem köp maglumatlary almak bolýar. Olar türkmenleriň örän şahandaz, aýdym-saza hormat goýan adamlar bolandygyna güwä geçýär. Jemlenip aýdylanda muzeýiň etnografiýa bölümi halkymyzyň gadymy durmuşynyň aýnasy hökmünde düýpli täsir galdyrýar.