Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda, Amyderýanyň aşaky akymynyň çepkenar böleginde ýerleşýär. Onuň meýdany 73,43 müň km2 deňdir. Welaýatyň tebigy çäkleri: demirgazykda Üstýurt gyrlary, günortada Üňüz aňyrsyndaky Garagum, günbatarda Gökleňguýy çöketlikleri bilen araçäkleşýär.
Welaýatyň çäkleri Amyderýanyň delta düzlüginden, Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň çägeliklerinden, gyrlardan, çöketliklerden, gadymy gury derýa hanalaryndan we belentliklerden ybaratdyr.
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Tebigat zalynyň ekspozisiýasy şu welaýatyň toprak kartasy we topraklaryň görnüşleri bilen başlanýar. Soňra witrinalarda Daşoguz welaýatyň klimat kartasy, Üstýurt platosynyň we Sarygamyş kölüň fotosuratlary, gazylyp alynýan peýdaly minerallaryň görnüşleri gökezilýär. Diwarda ýerleşen uly karta şu sebitiň haýwanat dünýäsini görkezýär. “Tokaýlar’’ atly dioramada Garagum çölüniň içinde Sarygamyş kölüň emele gelmegi bilen ösümlikli oazisleriň döreýşini suratlandyrýar. Zalyň merkezi witrinalarynda derman, çöl we başga ösümlikleri görmek bolýar. 1983-1987-nji ýyllar aralykda Ustýurt platonyň çägine gulanlar göçürilýär. Bu bolsa “Gulanlar we Türkmen köli” atly dioramada we diwarda öz ornuny tapýar. “Saýgaklar” dioramasynda bu haýwanlaryň biziň ýurdumyzyň demirgazygyna ýazky göçüşini görkezýär. Mör-möjekleriň köpdürliligi bilen aýratyn bir witrinada tanşyp bolar. Ekspozisiýanyň iň uly dioramalary Üňüz aňyrsy Garaguma, Gaplaňgyra we Sarygamyşa bagyşlanan.