Muzeýiň taryh zaly Daşoguz welaýatynda bar bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleri ýerleşdirilen kartany görkezmekden başlanýar. Welaýatyň çäklerinde ýaşaýyş b.e.öň VI-V müňýyllyklara degişli bolan Çyryşlydan, Antika döwrüne, ýagny, b.e.öň IV-b.e. V asyry bilen senelenýän Kaparas, orta asyrlarda gülläp ösen Sadwar galasyndan tapylan tapyndylar, Köneürgenç ýadygärlikleriniň bina bölekleri döwürleri boýunça görkezilýär.
Horezmiň gadymy ýaşaýjylary Ýokary Uzboýuň kenar ýakalarynyň ähli ýerinde, Amyderýanyň Sarygamyşa guýýan ýeriniň tebigy çäkleri bolan Pişge we Hatypda ornaşypdyrlar. Neolit döwrüniň iň tanymal ýadygärlikleri Çyryşly duralgasy we onda 25 km. günortoragynda ýerleşýän beýleki birnäçe duralgalardan ybaratdyr. Daş asyryň adamlarynyň hojalyk esbaplaryna esasan çakmak ýaraglary, seýrek gabat gelýäni bolsa gödeksi ýasalan keramika gaplarynyň bölekleri degişlidir.
Horezmiň çäklerinde, b.e.öň.VI-V asyrlarda döwletde bilim bolupdur. Ahemenidler döwleti-beýik döwlet diýen ada eýe bolupdyr. Muny esaslandyran, Merkezi Aziýanyň köp bölegini basyp alan pars taýpasyndan bolan hökümdar Kler II. Emma olar Gündogar Hazar we Horezmde ýaşan maldar-massagetleri boýun egdirip bilmändirler.
Horezmiň Çepkenarýaka taryhy bilen bagly birnäçe ýadygärlikler öwrenilende, bu döwre degişli köp we gyzykly maglumatlaryň üsti açyldy. Çermenýap we Könewas kanallarynyň kenarlarynda ýerleşen Gandymgala, Gäwür gala, Kangala 1 we 3, Akjagelin, Kaparas gala, Sadwar şäheri we beýleki galalar gurlupdyr.
Gadymy Horezmi içgin öwreniji alym S.P.Tolstowyň şol döwrüň gadymy pullaryny öwrenmegi, Horezmiň Kuşan imperiýasynyň düzümine girmeginiň (b.e.II-III asyrlarynda Gündogar ýurtlarynyň biri bolan Kuşan döwleti şol döwrüň iri döwletleriň biri hasaplanypdyr) subutnamasy bolupdyr. Horezm teňňeleriniň täzeden zikkelenmegine garamazdan, Horezmiň syýasy tarapdan kuşan hökümdarlaryna tabyn bolandygyna şaýatlyk etmeýär. Hindistandan, Eýrandan, Hytaýdan we Merkezi Aziýadan harytlar Horezmiň üsti bilen Wolga etekleriniň patyşalygyndan Hazara, Bulgariýa we beýlekilere ugradylypdyr.
Horezmiň binagärlik sungaty özüniň döredijilik ussatlygynyň arhitekturasynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ýokary derejä ýetipdir, olaryň içinde Horezmiň orta asyr paýtagty bolan Köneürgenjiň şäherini bellemek bolar.
Köneürgenç öz arhitektura, arheologiýa we taryhy ähmiýeti bilen belli bolup, häzirki döwürde aýry-aýry ýadygärlikler bilen bezelen çöllük meýdany emele getirýär. Köneürgenç öz kalbynda we mähriban topragynda Il-Arslanyň, Tekeşiň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň, Pirýar weliniň kümmetlerini saklaýar. Bu gymmatly ýadygärlikler ajaýyp bir hyýaly we çeperçilik bezegiň nusgasydyr. Beýik, belent ruhy özüne ýaran edinen gadymy pederlerimiziň bize galdyran ajaýyp binalary öz gözelligi bilen dünýä halklaryny bendi edýär.