DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Etnografiýa zalynda türkmen etnograflarynyň halkyň uzak asyrlaryň dowamynda döredip, timarlap häzirki günlerimize ýetiren däp-dessurlary, edim-gylymlary, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, meşgullanan kesp-kärleri, ahlak sypatlary, millilik görkezilýär.

Muzeýiň taryh zaly Daşoguz welaýatynda bar bolan arheologiýa we arhitektura ýadygärlikleri ýerleşdirilen kartany görkezmekden başlanýar. Welaýatyň çäklerinde ýaşaýyş b.e.öň VI-V müňýyllyklara degişli bolan Çyryşlydan, Antika döwrüne, ýagny, b.e.öň IV-b.e. V asyry bilen senelenýän Kaparas, orta asyrlarda gülläp ösen Sadwar galasyndan tapylan tapyndylar, Köneürgenç ýadygärlikleriniň bina bölekleri döwürleri boýunça görkezilýär.

 

Türkmen şekillendiriş sungatynyň kökleri gadymy döwürlerden gaýdýar. Irki döwürlerde şekillendiriş sungaty keramika, möhürlere, bezeg esbaplaryna, bina bezeglerine geçirilipdir. Ol döwürlerde tebigy reňkler ulanylypdyr. Orta asyrlarda binalaryň bezeginde angob, syrça, mozaika sungaty ýokary derejä ýetipdir.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda, Amyderýanyň aşaky akymynyň çepkenar böleginde ýerleşýär. Onuň meýdany 73,43 müň km2 deňdir. Welaýatyň tebigy çäkleri: demirgazykda Üstýurt gyrlary, günortada Üňüz aňyrsyndaky Garagum, günbatarda Gökleňguýy çöketlikleri bilen araçäkleşýär.

Welaýatyň çäkleri Amyderýanyň delta düzlüginden, Üňüz aňyrsyndaky Garagumyň çägeliklerinden, gyrlardan, çöketliklerden, gadymy gury derýa hanalaryndan we belentliklerden ybaratdyr.

Daşoguz welaýatynyň durmuş ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Muzeýiň Garaşsyzlyk zalynda hem bu alnyp barylýan işler giňişleýin görkezilýär. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýär. Ol zähmet resurslaryna iň baý sebitleriň hataryndadyr. Şonuň üçin welaýat halk hojalygynyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşandyny goşup gelýär.