Daşoguz welaýatynyň durmuş ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakda uly işler alnyp barylýar. Muzeýiň Garaşsyzlyk zalynda hem bu alnyp barylýan işler giňişleýin görkezilýär. Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň demirgazygynda ýerleşýär. Ol zähmet resurslaryna iň baý sebitleriň hataryndadyr. Şonuň üçin welaýat halk hojalygynyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşandyny goşup gelýär.
Häzirki wagtda welaýatyň ykdysadyýetiniň esasyny senagat we agrosenagat toplumlary tutýar. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan “Derýalyk” we “Ýylanly” gaz gysyjy stansiýalary türkmen “mawy ýangyjyny” daşary ýurtlara bökdençsiz akdyrmaga mümkinçilik berýär.
Energetika welaýatyň senagatynyň ýaş pudagydyr. Energetika pudagynyň mundan beýläk-de ösmegi energiýa serişdelerini daşary ýurtlara-da çykarmaga mümkinçilik berýär. Welaýatda himiýa senagaty, maşyn gurluşygy ösdürilýär. Demir we gara ýollary gurmak, döwrebaplaşdyrmak işleri gowşamaýan depginde alnyp barylýar.
Dokma toplumynda hem uly işler alnyp barylýar. Häzir welaýatda pagta egriji fabrigi hereket edýär we ol ýerde dürli hili nah we ýüpek matalar öndürilýär
Oba hojalygy welaýatyň irki döwürden bäri ösdürilip gelinýän pudagydyr. Gowaça ösdürip ýetişdirmek has giňeldildi. Welaýatda täze suwarymly ýerler özleşdirilip, ekin dolanşygyna girizilýär. Ruhubelent etrabynyň açylmagy welaýatyň ähli ugurlar boýunça ösmegine ýardam edýär.
Täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport, syýahat ulgamlarynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Netijede, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýatyň ilatynyň ýaşaýşy gowlanýar, goşmaça iş ýerleri peýda bolýar. Welaýatyň her bir şäheri, obasy, ilatly merkezleri gözel keşbe girýär.