Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ýaşyl Tugumyz Ata-Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň, agzybir halkymyzyň parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik gatnaşyklarynyň beýany bolup durýar. Baş Kanunymyzda tassyklanan her bir bölüm döwletimiziň we raýatymyzyň bähbitlerini nazarlasa, gözümiziň guwanjy bolan ýaşyl Baýdagymyzyň pasyrdysy Watanymyzda gazanylýan ösüşleriň buşlukçysydyr.