DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Türkmen halysy-umumyadamzat ähmiýetli gymmatlyk

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň mejlisler eýwanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly “Türkmen halysy-umumyadamzat ähmiýetli gymmatlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata  medeniýet  we sungat işgärleri, öňdebaryjy halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň işjeň zenanlary, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Halkymyzyň milli senetçilik sungatynyň häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp keşbi bilen sazlaşykly görnüşleriniň tutuş dünýä jemgyýetçiligindäki ornuny açyp görkezmek, bu inçe sungatyň syrlary barada tejribe alyşmak, onuň gymmatly hem ähmiýetli taraplaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksadynda geçirilen maslahat mazmun taýdan çuňňur ähmiýete eýe boldy.

       Dabaraly maslahaty TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa açdy.  Soňra  maslahatda mährem ene Oguljan Pollyýewa,  şahyr zenan, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy  Göwher Ahmedowa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Haýytgül Ataýewa, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Haltäç Bäşimowa, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Bahargül Amanowa, Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, mirasy öwreniji  Gülsoltan Saparowa, halyçy Azizmyradowa Saparbibi dagylar çykyş etdiler.

     Çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümizde halyçylyk sungatynyň ýeten derejeleri barada buýsançly gürrüňler edildi. Ony Hormatly Prezidentimiziň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly gymmatly eserlerden many goýazylygyna beslenen söhbetleriň mazmunyndan hem aýdyň görmek bolýandygy, olardan bu gadymy senediň taryhy, gelip çykyşy sungat derejesine ýetirilişi, dünýä ýüzünde mertebelenişi inçe tilsimleriň, gölleriniň nagyşlarynyň, aýratynlyklary baradaky täsirli gürrüňler hekaýatlar, gymmatly maglumatlar arkaly köp zatlary öwrenip we iş tejribede peýdalanyp bolýandygy dogrusynda belläp geçdiler.