DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

“Bitarap Diýarymyň sungatda waspy” atly sergi

      Şu at bilen 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli  Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň Nakgaşçylyk bölüminde okaýan talyplarynyň döreden   eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

     Serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň hünärmenleri ady agzalan ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary   hem-de Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

      Açylyş dabarasynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow , mekdebiň halypa  mugallymlary Göwher Ahmedowa, Gülnar Emekowa, muzeýiň ylmy işgäri, sungaty öwreniji Batyr Uzakberdiýew dagylar  çykyş etdiler.

      Dabaranyň dowamynda talyp ýaşlar öz gezeginde döreden nakgaş eserleri barada sergini görmäge gelen myhmanlara gyzykly gürrüň berdiler

       Talyplaryň döreden eserleriniň aglabasy “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýylyna, parahatçylyga, dost-doganlyga, türkmen tebigatynyň täsinliklerine bagyşlanyp çekilen nakgaş eserlerinden ybarat.  

        Çykyş edenleriň hemmesi Mähriban Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlara, ýaş nesli özleriniň saýlap alan hünäri boýunça okamaga, işlemäge, zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berendigi üçin sag bolsun aýtdylar.