DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Baýramçylyk sergisi.

      2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda   “Türkmenistan –Bitaraplygyň mekany” ýyly hem-de  Halkara zenanlar güni  mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň  we Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde  guramagynda Gözelligiň waspyatly  baýramçylyk sergisi açyldy.  

      Serginiň açylyş dabarasynda   Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasynyň başlygy Arazmyrat Iljanow  we çagalar çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda döwrebap şekillendiriş sungatynyň ösüşleri  hem-de türkmen medeniýetiniň we   sungatynyň howandary  Gahryman Arkadagymyzyň erkin döredijilikli zähmet çekmek üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri barada giňişleýin aýdyp, Mähriban Prezidentimize köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Sergide Diýarymyzyň bahar pasly, zenan gözellikleriniň waspy bilen bagly eserleriniň birnäçesi görkezildi.

      Baýramçylyk sergisinde  Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedowyň “Bilbil” atly heýkeli,  Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary  Dilaram Allabergenowanyň “Güller” atly gobelen işi, Nurjahan Şyhyýewanyň “Pasyllar” atly grafika eseri, heýkeltaraş Sapa Akbaýewyň “Binagär”, “Saz”, “Deprekçi” atly heýkelleri, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň  çagalar sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminiň mugallymy  Orazguly Kakaýewyň  “Ýüpek ýoly”, “Mukam” atly dürli temalardan döredilen eserleri sergä gatnaşyjylaryň her birinde uly täsir galdyrdy.

       Sergä gatnaşanlar Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.