DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Nowruz geldi Arkadagly Diýara

Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz gününiň  şanyna guralýan dabaralar, geçirilýän şatlyk-şowhunly çäreler çuň many-mazmuna baýlygy bilen bir-birlerinden tapawutlanýar. Olaryň adamlaryň rahat  dynç almaklaryny üpjün etmekde, eziz Diýarymyza, bagtyýar döwrümize bolan söýgüni artdyrmakda uly ähmiýeti bar.

   Golaýda Halkara Nowruz gününiň hem-de  “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň hormatyna Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde täsirli sergi guraldy. “Nowruz geldi Arkadagly Diýara”  ady bilen guralan bu sergi köp adamly bolup, gelýänleriň ünsüni özüne çekdi. Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary, talyplardyr, mekdep okuwçylary, çeperçilik sungaty, ülkämiziň geçmiş medeni, taryhy durmuşy bilen gyzyklanýanlar bu sergä has köp gelýärler. Halkara derejesinde bellenilýän baýramçylygyň şanyna guralan sergide şekillendiriş sungaty eserlerine, heýkeltaraşlaryň, nakgaşlaryň işlerine, zenanlarymyzyň geçmişden nusga bolup galan çeper el işlerine, haly we dokma önümlerine giň orun berilýär.

 Milli  baýramlarymyzy dabaralandyrýan, her bir günümizi şatlyga, bagtyýarlyga  besleýän  Gahryman Arkadagymyzyň  jany sag, belent başy aman bolsun!