DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Muzeý gymmatlyklarynyň üsti ýetirilýär

Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi tarapyndan   halkymyzyň taryhyna, medeni mirasyna dahylly gymmatlyklary toplamak,    öwrenmek we olary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek babatda asylly işler durmuşa   geçirilýär. Ýakynda muzeýiň işgärleri welaýatymyzyň dürli künjeklerinde iş saparynda boldular. Saparyň netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş–durmuşy, milli senetçilik sungaty, el hünäri we öý–hojalyk işlerinde ulanylan iş gurallary toplanylyp, muzeýiň maddy–medeni gymmatlyklarynyň üsti ýetirildi. Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan dokma gurallaryna degişli keser, ýüň darak, Gubadag etrapdan agaç tabak, tir, soky, ataşgir ýaly öý–hojalyk gurallary, Boldumsaz etrabyndan syrçaly kerpiç bölegi, Görogly etrabyndan juwaz, gor küýze ýaly halkymyzyň durmuşynda möhüm wezipeleri ýerine ýetiren maddy gymmatlyklary öz elleri bilen tabşyran raýatlarymyz muzeýiň miras gaznasynyň baýlaşmagyna öz goşantlaryny goşdular.     

      Toplanan gymmatlyklaryň arasynda ençeme wakalary başyndan geçiren dürli döwürelere degişli, dürli maksatlar üçin ulanylan gymmatlyklar bolup, olary miras hökmünde  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine sowgat beren ähli ildeşlerimize köp sag bolsun aýdýarys!