Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýyly “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi her bir türkmenistanlynyň ata-watana bolan buýsanjyny, guwanjyny we söýgüsini artdyrdy.Bu şygar astynda Bedew bady bilen öňe barýan mähriban diýarymyzda hormatly Arkadagymyz ýaşlarymyzy watansöýüji edip ýetişdirmekde,olara gadymdan gelýän milliliklerimize uýmaklygy ündemek we wagyz etmek ýaly meselelere uly üns berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň,talyplaryň arasynda türkmen halkynyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny, ata-babalarymyzyň senetçiligini, sungatyny,ene-mamalarymyzyň el işlerini öwretmek we wagyz etmek işini bu günki günde ýurdumuzyň muzeýleri üstünlikli alyp barýar.Ýaş nesillerimizde muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watana, halkyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen,ýakynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyndan Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde “Bitarap mekanda galkynýar sungat”atly muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergisini gurnady.Sergide halkymyzyň etniki aýratynlyklaryna degişli gymmatlyklar,egin-eşikler, haly önümleri, hojalyk gurallary, türkmeniň öçmejek taryhyna öwrülen bagşyçylyk sungatyna degişli, dessançy bagşylarymyz barada maglumatlar hem-de eksponatlar, şeýle-de şekillendiriş sungat eserleri görkezildi. Muzeý hünärmenleri bu sergini gurap, ýaşlara türkmeniň gadymdan gelýän milli medeniýetiniň aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik döretdi. Ýagny ekskursiýaly gürrüň berýän bu sergini diňe bir talyplar däl eýsem bu okuw jaýynyň mugallymlary hem syn etdiler.Ekskursiýanyň dowamynda tomaşaçylar özüni gyzyklandyrýan eksponatlaryň taryhyna degişli soraglary bilen sergini gurnan muzeýiň ylmy işgärlerine, ýüzlenip gyzykly sorag-jogap hem alşdylar.Welaýatymyzyň çäginde bar bolan we saklanyp galan orta asyr taryhy ýadygärlikleri, şeýle-de has gadymy döwre degişli irki medeniýetleriň Daşoguz topragynda gelip çykyşlary barada, olaryň sungaty barada degerli maglumatlary aldylar.
Sergä Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy çeper döredijiligiň Halk ussasy Öre Annaýew gatnaşyp milli saz gurallarynyň ýasalyş aýratynlyklaryny sergini synlamaga gelen talyp ýaşlara gürrüň bermegi has-da täsirli boldy. Bu ýörite sungat mekdebiniň bagşylar we saz gurallar toparynyň talyplarynyň aýdym–sazly çykyşlary serginiň açylyş dabarasyna özboluşly bezeg berdi.
Birnäçe günläp bu sungat ojagynda dowam eden göçme sergiden hoşal bolan talyplar we mugallymlar, muzeý işgärlerine öz hoş allyklaryny bildirip, serginiň örän tasirli we gyzykly bolandygyny aýratyn bellediler. Gahryman Arkadagymyza ähli amatlyklary bolan şeýle ajaýyp okuw jaýlarynda diňe bilim almak bilen çäklenmän, eýsem halkymyzyň taryhy, medeniýeti we sungaty bilen ýakyndan tanyşmaga öwrenmäge,döredip berýän şeýle giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsunlaryny aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň janynyň sag-ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan her bir tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmeklerini tüýs ýürekden arzuw etdiler.