Belent maksatly menzillere tarap öňe barýan döwletli Diýarymyzda bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlap, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda muzeýde bedew esbaplarynyň, şaý–sepleriniň wagtlaýyn sergisi hem-de “Bedew atym–ganatym” diýen buýsançly at bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberdi Baýramow çykyş edip, türkmen bedewiniň aýdym–saz sungatyndaky waspy barada gyzykly söz açdy. Soňra, bedewlerimiziň aslyny öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ähmiýeti dogrusynda muzeýiň ylmy işgäri Batyr Uzakberdiýew täsirli söhbet etdi. Daşoguz şäher bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow taraşlanyp, timarlanyp sungat derejesine ýetirilen at esbaplary barada çuň manyly gürrüň etdi.
Bu ýerde sergilenen Gahryman Arkadagymyzyň ylmy we çeper eserleri, atşynaslyk bilen baglanyşykly nakgaş hem-de heýkel işleri sergä gatnaşan talyp ýaşlarda, şäheriň ýaşaýjylarynda we sergä tomaşa edenlerde uly täsir galdyrdy.