Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde muzeý gaznasyny has-da baýlaşdyrmak barada beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup, şöhratly taryhymyzyň dürli döwürlerinden miras galan milli gymmatlyklarymyzy toplamak hem-de olary geljekki nesillere ýetirmek babatynda uly işleri alyp bardylar. Netijede halk arasyndan milli mirasymyzyň ençeme gymmatlyklary ýygnalyp, ýakynda muzeýiň wagtlaýyn sergiler eýwanynda bu gymmatlyklaryň giň göwrümli sergisi ýaýbaňlandyryldy we olaryň halk köpçüligine tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Muzeýde bu dabara gatnaşyjylar dutarçy bagşylaryň nusgawy sazlary bilen dabaraly garşylandy. Olar muzeýe halk arasyndan toplanylyp getirilen gymmatlyklar: Görogly etrabyndan muzeý gaznasyna miras berilen juwaz, jykyryň tigiri, Gubadag etrabyndan hum küýzäniň bölekleri, Köneürgenç, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje adyndaky etraplaryndan toplanan oba–hojalyk esbaplary, daş küfi, gor küýze, ýag golça, dokma gurallary, arheologik tapyndylar bilen tanyşdyryldy. Erkin suratkeş Merdan Kakabaýewiň muzeý gaznasyna sowgat beren türkmeniň bagşyçylyk sungatynyň ägirtleriniň keşbi şekillendirilen nakgaş eserleri sergini bezedi. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde muzeý işgärleri tarapyndan täze toplanan gymmatlyklara bagyşlanan ylmy–amaly maslahat geçirildi. Maslahatda muzeý gaznasynyň üstüni has-da baýlaşdyran bu gymmatlyklaryň ylmy taýdan öwrenilişi, rejelemäge niýetlenilen gymmatlyklar barada çuň manyly çykyşlar edildi. Dabara muzeýiň ylmy işgärleriniň we taryhçylaryň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň başyndaky täsirli söhbetdeşlik bilen tamamlandy. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň baý geçmiş taryhyny, medeni mirasyny ylmy esasda öwrenmek hem-de wagyz–ündew etmek babatdaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şeýle çäreler taryhy ýylymyzyň şöhratyny has hem artdyrýandygyndan ugur alnyp, bu gezekki täze toplanan muzeý gymmatlyklarynyň sergisi birnäçe günläp dowam etdi.