DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Milli mirasymyzyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralyndaTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň, muzeýlerimiziň gaznalarynyň üstüni täze tapyndylar bilen ýetirmek barada beren tabşyryklarynyň netijesinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri welaýatyň dürli etrapdyr–obalarynda bolup  her biri şöhratly taryhymyzdan söz açýan gymmatlyklaryň ençemesini toplap muzeýe getirdiler. Golaýda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Milli mirasymyzyň nusgalyk genji–hazynasy” atly sergä şol täze toplanan gymmatlyklaryň birnäçesi gatnaşdyrylyp, halk köpçüligine tanyşdyryldy. Sergide ilat arasyndan täze toplanan keramika önümleriniň birnäçesi ýerleşdirildi hem-de olaryň şu günki güne çenli saklanyp galmagy halkymyzyň medeni gymmatlyklara goýýan sarpasynyň örän uludygyny görkezýändigi barada Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan çykyşlar edildi.“Milli mirasymyzyň nusgalyk genji–hazynasy” atly serginiň çäklerinde muzeý işgärleriniň, ýazyjy–şahyrlarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahata işjeň gatnaşdylar.

  Hormatly Prezidentimiziň muzeýlerimizdäki gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirmek baradaky tabşyryklaryna meýletin öz goşantlaryny goşýan ildeşlerimize muzeý işgärleri diýseň buýsanýarlar. Döredijilikli zähmet çekmäge, milli gymmatlyklarymyzy ylmy taýdan öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.