DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Şanly senä bagyşlanan sergi

    Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Ýüreklerde baky ýaşar gerçekler” atly şygar bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren “Döwlet guşy”, “Mertler Watany beýgeldýärler”, “Älem içre at gezer”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly eserleri, “Şöhrat”, “Hatyra” ýadygärlik kitaplary uruş weteranlaryna berlen orden–medallaryň şahadatnamalary, esger egin–eşikleri, esbaplary goýuldy. Şeýle hem uruş ýyllarynda gaýduwsyzlyk görkezen gerçekleriň gahrymançylykly söweş ýollary, görkezen edermenlikleri barada maglumatlar, uruşdan gelen hatlaryň asyl nusgalary we harby saz gurallarynyň birnäçesi ýerleşdirildi. Serginiň görnükli ýerinde hormatly Prezidentimiziň atasy durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýän ilhalar ynsan, esger mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömri–döredijiligine, gahrymançylykly ömür ýoluna bagyşlanan eksponatlar–gymmatlyklar ýerleşdirilip, muzeý işgärleri sergini synlamaga gelenlere türkmen esgerleriniň merdanalygy, tyldaky ýaşaýşyň dürli pursatlary barada täsirli gürrüňleri berdiler. Bu gezekki baýramçylyk sergisi Watan gerçeklerimiziň geçen ýoly barada gymmatly maglumatlary öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi.