Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2020-nji ýylyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň arasynda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly gorap saklamak we sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen Watana, halkyň milli medeni mirasyna, türkmeniň şöhratly taryhyna çuňňur söýgini, buýsanjy ösdürmek maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi birnäçe göçme sergileri guraýar. Şeýle sergiler welaýatymyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde dowam edip dur.
Golaýda Daşoguzyň Gurbansoltan eje adyndaky lukmançylyk mekdebinde Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň “Muzeý gymmatlyklary mirasymyz” atly göçme sergisi guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna muzeýiň hünärmenleri, Gurbansoltan eje adyndaky lukmançylyk mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda sergä gatnaşýan myhmanlara geçmiş taryhymyzdan gürrüň berýän ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyz barada giňişleýin gürrüň berildi hem-de olaryň beren soraglaryna muzeýiň hünärmenleri tarapyndan kanagatlanarly jogap berildi.
Talyplar sergini synlap şunuň ýaly şertlerde okaýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdyp, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga we okamaga uly mümkinçilikler döredip beren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaç almagyny arzuw etdiler.