Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere ýetdi. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimizi we sungatymyzy döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga hem-de ösdürmäge giň mümkinçilikler döredildi. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegine önjeýli goşant goşýan döredijilik işgärleriniň özara tejribe alyşmak, halypa-şägirtlik mekdebiniň binýadyny has-da pugtalandyrmak, şeýle hem ussat döredijilik işgärleri bilen halkymyzyň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzda her ýyl döwlet derejesinde geçrilýän medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky döredijilik bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary, dünýä derejesinde guralýan dürli sergiler, festiwallar we duşuşyk agşamlary hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini hem sungatyny ösdürmek hakyndaky aladalarynyň nyşany bolup durýar. Hormatly Przidentimiziň yglan eden 2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, Türkmenistan Diýarymyzda ähli baýramçylyklar giň gerimde bellenip geçilýär. Welaýatymyzyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň “Ile döwlet geler bolsa...” diýen at bilen nakgaş, gobelen, grafika, heýkel eserleriniň sergisi açyldy. Sergide Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Çemen Käbeliýewanyň “Küýzeli gyz”, “Türkmen bedewi”, Nurjahan Şyhyýewanyň “Arzuw”, “Melekler”, Nursoltan Meredowanyň “Bagt guşy”, Mileşkina Ýelenanyň “Bereketli saçak”, “Owadan gelin”, Şageldi Toýlyýewiň “Gulbaba”, grafikaçy Baýram Seýidowyň “Medeniýet”, Guwanç Myratnyýazowyň “At çapyşygy”, heýkeltaraşlar : Orazmuhammet Mätdurdyýewiň “Aşyk Aýdyň”, Baýgeldi Annamedowyň “Awçy”, “Çapyksuwar”, Sapa Akbaýewiň “Medeniýet we sungat” ýaly heýkel eserleriniň hem-de Köneürgenç şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary Begenç Melehanowyň “Köneürgenç”, Kakamyrat Pureşowyň “Türkmen tebigaty”, Dildora Sabirowanyň “Köneürgenç”, Şanur Sopyýewiň “Tebigat”, Gubadag etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nargül Haýytbaýewanyň “Şekillendiriş”, suratkeş Merdan Annamedowyň “Bagşylar” ýaly suwly reňkde ýerine ýetiren hem-de zergär Orazguly Kakaýewiň “Beýik Ýüpek ýoly”, “Mukam” ýaly şaý-sep eserlerini synlamak bolýar.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň belent derejelere göterilmegine mümkinçilik döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!