DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Toý toýlanýar Medeniýetyiň şanyna

      Her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak bilen döredijilik işgärlerini hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” şygary bilen geçýän 2020-nji ýylyň   22-27-nji iýuny aralygynda Diýarymyzyň demirgazyk sebiti-Daşoguz welaýatynyň tutuş giňişligi Medeniýet hepdeliginiň uludan tutulýan toýunyň şatlyk-şowhunyna gurşaldy. Onuň çäklerinde halkyň medeni baýlyklarynyň, eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşynyň waspy ýetirildi.

Daşoguz 22-nji iýun. Medeniýet hepdeligi-2020-niň açylyş dabarasy Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezi Daşoguz şäherinde Ruhyýet köşgüniň öňündäki “Görogly” meýdançasynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.    Toý bezegindäki Görogly meýdançasynda döredijilik ruhuny belende göterýän aýdym-sazlar bilen birlikde, Gündogar äheňlerinde birnäçe bölümlerde muzeý gymmatlyklarynyň-milli gymmatlyklarymyzyň sergileri hem ýerleşdirildi. Sergide halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary, baý medeni mirasy, sungaty barada söz açýan gymmatlyklar-halk senetçilik önümleriniň, milli lybaslaryň, halylaryň we keçeleriň dürli görnüşleri, küýzegärçilik hem-de zergärçilik önümleri, halk saz gurallary, nakgaş we heýkeltaraşlyk eserleri görkezilýär.

       Köp öwüşginli meýdançada geçirilen baýramçylyk ýörişine belli teatr artistleri, estrada hem-de halk aýdymçylary, suratkeşler, şahyrlar, döredijilik toparlary, kitaphana işgärleri bilen birlikde muzeý işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. 

Daşoguz 23-nji iýun. Daşoguz şäherindäki “Dostluk” seýilgähinde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň muzeý we döredijilik işgärleri tarapyndan, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen milli mirasymyzyň ösdürilişi, täze döwrümiziň ruhunda baýlaşdyrylyşy barada buýsançly çykyşlar edildi. Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar bu ýerde milli-medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Dabara gatnaşyjylar medeni gymmatlyklarymyz barada baý we gyzykly maglumatlara eýe boldular.  

Daşoguz 24-nji iýun. Welaýatymyzy toý şatlygy bilen nurlandyrýan Medeniýet hepdeliginiň bu gününiň ikinji ýarymynda Daşoguz şäherindäki “Derek” bagynda folklor-tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy bilen baglanyşykly edim-gylymlary, toý däp-dessurlary öz beýanyny tapan bu çykyşlaryň sahnasynda milli gymmatlyklarymyzyň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklarynyň sergileri ýaşlaryň milli mirasymyz bilen içgin tanyşmagyna aýratyn ýardam berdi. 

Daşoguz 25-nji iýun. Daşoguz welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň nobatdaky gününde oňa gatnaşyjylar üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Altyn ýol” geňeşliginiň döwrebap oba medeniýet öýünde usuly maslahat guraldy. Usuly maslahatda ýurdumyzda strategik maksatnamalary amala aşyrmak hem-de şu maksat bilen häzirki döwrüň mümkinçiliklerinden, şol sanda milli emeli hemranyň, sanly telewideniýäniň, kitaphanalaryň, teatrlaryň, muzeýleriň we beýleki medeniýet ojaklarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Guralan bu täsirli maslahata muzeý işgärleri hem işjeň gatnaşdylar.

       Daşoguz 26-njy iýun. Welaýatymyzda tutuş hepdeläp dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň bu gününde, welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň we muzeý gymmatlyklarynyň öwrenilmeginde hem-de dikeldilmeginde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti” diýen at bilen maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar muzeýleriň hem-de ýurdumyzyň taryhy medeni Döwlet goraghanalarynyň işini kämilleşdirmegiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmagyň ýollaryny oňa sanly maglumat tehnologiýalarynyň şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy mirasyň ýadygärliklerini wertual modelirlemegiň mümkinçilikleriniň ýollaryny ornaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatda çykyş eden muzeý işgärleriniň, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň we taryhy-medeni döwlet goraghanalaryň işgärleriniň çykyşlarynda bu ugurda sanly ulgamyň ähmiýeti hem-de sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy barada giňişleýin durlup geçildi.

       Döwlet baştutanymyzyň muzeýleriň gaznalarynyň üstüni täze tapyndylar bilen artdyrmak baradaky görkezmelerini berjaý etmek bilen muzeý işgärleri welaýatyň ähli çäklerine gözleg iş saparlaryny amala aşyrdylar. Şol işleriň netijesinde toplanan ýerli ilatyň durmuşyny beýan edýän täze arheologiýa we etnografiýa gymmatlyklarynyň sergisi hem maslahata gatnaşyjylara görkezildi. Muzeýiň Garaşsyzlyk eýwanynda ýerleşdirilen berkarar döwletimiziň ýeten belentliklerini wasp edýän gymmatlyklar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

      Daşoguz 27-nji iýun. Tutuş hepdäniň dowamynda welaýatymyzyň çäklerinde joşgunly ýaýbaňlanan Medeniýet hepdeliginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň etegine gül desselerini goýmak dabarasy özboluşly mazmuna eýe boldy. Medeniýet hepdeligine bagyşlanan köp görnüşli, işjeň häsiýetli dabaralar çuň many-mazmuna eýe bolmak bilen, baýramçylyk ruhunda bezelen “Görogly” meýdançasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk konserti bilen şowhunly jemlendi. Baýramçylyk sahnasynda Medeniýet hepdeligini geçirmegiň nobatynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýagdaýda berilmegi, Medeniýet hepdeliginiň göçme nyşanyny welaýatymyzyň döredijilik wekilleri tarapyndan Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň wekillerine dabaraly ýagdaýda gowşurulmagy has-da täsirli boldy.

      Bu ýere ýygnananlar medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine hemişe üns berýändigi, özlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrýan eziz Diýarymyzda geçirilýän özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.

     Welaýatymyzy toý şatlygy bilen nurlandyran Medeniýet hepdeliginiň wakalara baý bolan çäreleri medeniýet ulgamynda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.