Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden “Senet-eliň altyn bilezigi” atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň şäherdir-etraplaryndan dürli kärde zähmet çekýän raýatlar, orta we ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň bu tapgyrynda okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçilik we milli el işlerini synlanyňda, olaryň her biriniň döredijilik işine özboluşly çemeleşýändigine we bäsleşige yhlas bilen taýýarlanandyklaryna göz ýetirmek bolýar.
Eminler topary sergä hödürlenen ähli işleri gözden geçirdiler, synladylar, baha berdiler. Gelnen netijelere görä, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ýaşaýjysy Röwşen Madraimow, Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy Bossan Kerimowa, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ýaşaýjysy Didar Ýazmyradow, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Selbi Meredowa, Aýnur Kakyşowa, talyplary Dünýä Ýazmedowa, Merjen Guwanjowa, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýaşaýjysy Maksat Magtymow, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Sähra Ataýewa, Ruhubelent etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Aýnazar Derýaýew, Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Muhammetali Rozmetow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň 61-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Nowruz Koşaýew dagynyň hödürlän, çeperçilik taýdan aýratyn tapawutlanan işleriniň ählisi bäsleşigiň jemleýji-döwlet tapgyryna hödürlenildi. Aýratyn tapawutlananlara TMÝG-niň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat teleradio studiýasynyň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, işjeň gatnaşan ýaşlara bolsa höweslendiriji sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.