Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde TMÝG-niň welaýat geňeşi hem-de welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, halk senetçiliginiň we sungatynyň görnüşlerini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, ýaş nesliň halk senetçiligi bilen meşgullanmagyna giň ýol açmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, ýaşlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyplary çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen geçmiş taryhymyzyň, sungatymyzyň dünýä ýaň salýandygy, her bir ynsana döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada belläp geçdiler.
Duşuşyk bilen birlikde “Millilik ýörelgelerimiz biziň buýsanjymyz” atly sergi guraldy. Sergide Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el işleriniň, nakgaş eserleriniň dürli görnüşleri boýunça taýýarlan döredijilik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy we talyplaryň bu sergisi duşuşyga gatnaşan myhmanlar tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy.