“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň güýz pasly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gazanýan ajaýyp netijelerine guwanýan pagataçy daýhanlarymyz uzak wagtyň dowamynda der dökülip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, ähli derwaýys aladalary ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şeýlelikde olaryň armasyny ýetirmek, işe bolan höwesini artdyrmak ugrunda dürli medeni çäreler yzygiderli guralýar.
Şeýle täsirli-medeni çäreleriň biri hem Görogly etrabynyň “Aksaraý” hem-de Gubadag etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynda guraldy. Welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramaklarynda kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň köp sanlysynyň gatnaşmagynda günorta arakesme wagtynda geçirilen bu çärede ýerine ýetirilen tans-folklor toparlarynyň çykyşlary, şirin aýdym-sazlary pagtaçy kärendeçileriň armasyny ýetirdi.
Medeni çärede gurnalan Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynada saklanylýan taryhy milli gymmatlyklarymyzyň göçme sergisi dabara aýratyn özboluşly öwüşgin çaýdy. Sergide ata-babalarymyzyň oba hojalykda ulanylan gurallary, öý-hojalygyna degişli esbaplar, haly önümleriniň dürli görnüşleri, dokmaçylykda ulanylýan ýüpleriň görnüşleri, gelin-gyzlaryň milli şaý-sepleri, at esbaplary hem-de nakgaş eserleri sergilendi.