DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Halypa-şägirtlik ýoly rowaçlanýar

Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy  mynasybetli   Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda welaýatymyzyň halypa bagşy-sazandalarynyň, döredijilik işgärleriniň hem-de Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda edebi aýdym-sazly duşuşyk agşamy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli medeniýetimiz, sungatymyz hakda irginsiz aladalar edýär. Hut şonuň netijesinde hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli aýdym-saz we bagşyçylyk sungatymyz uly ösüşleri, özgerişleri başdan geçirýär. Halypa bagşylarymyz buýsançly döwrümiziň bedew batly özgerişlerini özleriniň aýdym-sazlarynda belentden wasp edýärler. Duşuşykda “Daşoguz habarlary” welaýat gazetiniň uly habarçysy, “Magtymguly Pyragy”  medalynyň eýesi Bally Seýitberdiýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, žurnalist, Türkmenistanyň  Prezidentiniň  “Türkmeniň Altyn asyry” atly  bäsleşiginiň  ýeňijisi  Dädebaý Nartyýew, Daşoguz welaýatynyň  taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, Daşoguz şäherindäki  Bagşylar  muzeýiniň  direktory  Begenç Haknazarow, Daşoguz welaýatynyň  taryhy we ülkäni öwreniş  muzeýiniň ylmy işgäri  Batyr Uzakberdiýew dagy türkmen halkynyň  şöhratly taryhy, buýsançly we bagtyýar şu güni, röwşen geljegi barada täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.

      Daşoguzyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşy bölüminiň  talyplarynyň ýerine ýetiren bagtyýar zamanamyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary we türkmen dessanlaryndan parçalary duşuşygyň has hem täsirli ýatda galyjy boldy.

      Türkmen bagşyçylyk sungatyna bagyşlanyp, muzeý işgärleri tarapyndan gurnalan sergi duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.