Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda Baky Bitaraplygymyzyň şanly
25 ýyllyk toýunyň toýlanjak günleriniň öňüsyrasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän rysgal-berekediň toýy–Hasyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda muzeýiň mejlisler zalynda “Bereket mekany eziz Diýarym!” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarydyr-mugallymlary, muzeý işgärleri hem-de ömrüni oba hojalyk işlerine baglan TKA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar oba hojalyk işlerini giň gerim bilen ýaýbaňlandyryp, bol hasyl almak ugrunda ata-babalarymyzyň goldanan dürli tärlerine-ýetişdirýän ekinlerine dökün bermek, suw tutmak we hatarara bejergi işlerini geçirmek ýaly işlerine bu günki Bagtyýarlyk zamanamyzyň armazak ekerançylarydyr, babadaýhanlary salgylanyp bol hasyly halkymyza sowgat edýändikleri barada çuň manyly çykyşlary etdiler. Döwletimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen oba hojalyk tehnikalaryny yzygider alyp berýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna minnetdarlyklar her bir çykyşyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oba hojalygyny ylmy taýdan ösdürmekde şahsy goşandyny goşan mugallymlara we talyp ýaşlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy. Soňra dabara gatnaşyjylar “Hasyl toýy” mynasybetli muzeýde gurnalan baýramçylyk sergisine aýlanyp, ata-babalarymyzyň geçmişde ulanan oba hojalyk gurallary bilen ýakyndan tanyş boldular.
Oba hojalykçylar üçin gyzgalaňly şu günki günlerde, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak baradaky aladalaryna jogap hökmünde zähmet çekýän kärendeçi babadaýhanlara Armaweriň! diýýäris