DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Şanly taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak täze arheologik tapyndylar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň durmuşynda ösüşiň belentliklerine tarap täze gözlegler bilen gitmek tapgyryna badalga berlip, türkmen halkynyň medeni-ruhy galkynyşyny beýan etmek döwlet syýasatynyň baş ugruna öwrüldi. Şanly taryhymyzdan gözbaş alýan täze eýýamda milli medeniýetimiz düýpli öwrenilýär.

    Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda: ”Keremli topragymyz adamzadyň medeni ösüşiniň sallançagydyr” diýip belleýşi ýaly, biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyply arheologik we binagärlik ýadygärlikleriň ençemesi Keremli diýarymyzyň çar künjünde saklanyp galyp, olar şöhratly halkymyzyň geçmişini şöhlelendirýär we ata-babalarymyzyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşant goşandyklarynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýär.

     Golaýda, Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýergurluşyk işleri geçirilen mahalynda tapylan gadymy oturymly ýerleriň yzlary, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylan gadymy döwre degişli küýzegärlik önümleri bu ýerlerde gaýnap joşan durmuşyň bolandygyny subut edýär. Ýüze çykarylan däne ýa-da suwuklygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlaryny tertipleşdirilen we ylmy esasda öwrenilenden soň, olaryň tanyşdyryş çäresini geçirmek hem-de ýurdumyzyň muzeýlerine bermek barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bu taryhy gymmatlyklaryň tanyşdyryş çäresi geçirilip muzeýe tabşyrylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň muzeýleriniň şol sanda biziň Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň hem  wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy biz muzeý işgärlerini has-da buýsandyrdy we geljekde has hem ylhamly-döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.

    Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy aýawly gorap saklamak barada edýän aladalaryna jogap edip, biz Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri hem milli-medeni, ruhy mirasymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy halkyň arasynda yzygiderli wagyz edýäris, geljekde-de wagyz işlerini giň gerimde dowam etdireris.