Golaýda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylyny dabaralandyrmak hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde “Bitaraplyk-baky buýsanjym” atly surat çekmek boýunça we sergi bäsleşigini geçirdi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylary, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň talyplary gatnaşdylar. Sergide okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň mähriban Watanymyzy, bagtyýar zamanamyzy, baky Bitaraplygymyzy, gözel tebigatymyzy, türkmen bedewini ussatlyk bilen wasp edýän eserlerini, el islerini synlamak bolýar. Bäsleşikde Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 1-2-nji synp okuwçylarynyň arasynda birinji orna Ogulşat Hanowanyň “Baýramçylyk tansy”, ikinji orna Sarygül Meredowanyň “Baýramçylyk güni”, üçünji orna Malika Jumageldiýewanyň “Baýramçylyk güni”, 3-4 synplaryň arasynda birinji orna Merjen Hanowanyň “Bitaraplyk”, ikinji orna Merjen Myradowanyň “Bitaraplyk buýsanjy” atly el işleri, üçünji orna Sewara Bagtyýarowanyň “Bitaraplyk” atly çeken suraty mynasyp boldy.
Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk bölüminiň talyplarynyň arasynda birinji orna Altyn Allakulyýewanyň “Bitaraplyk”, ikinji orunlara Dilraba Döwletowanyň “Baýramçylyk agşamy”, Bahar Kurtowanyň “Bitaraplyk-guwanjym”, üçünji orunlara Gülnabat Urpekowanyň “Parahatçylyk”, Merjen Aýtmetowanyň “Bitaraplyk”, Bilbil Kakaýewanyň “Bitaraplygyň waspy” atly ,ýagly reňkler bilen beýan edilen surat eserleri mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.