DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bitaraplyk–şu günümiziň we röwşen geljegimiziň şamçyragydyr

Şeýle şygar bilen “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýyly diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda muzeýiň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrlyk senesiniň dabaralandyrylýan ýylynda amala aşyrylan beýik işleri giňden wagyz etmek maksadynda geçirilen maslahata welaýatyň muzeý işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda ilki bilen  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow çykyş edip, “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany” ýylynyň rowaç gadamlary dogrusynda buýsançly gürrüň etdi. Soňra maslahata gatnaşan muzeý işgärleri hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ata Watanymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, medeni hyzmatdaşlygy berkitmek babatda alyp barýan beýik tutumlary, öňe sürýän ajaýyp başlangyçlary dogrusynda täsirli çykyşlary etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasa ýugrulan kitaplarynyň muzeý işgärleriniň alyp barýan her bir işinde uly ýardamçydygy hakynda buýsançly söhbetler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

           Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň muzeý işini has-da ösdürmek babatynda alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.