DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Bitaraplyk bagty

Binýady berkarar döwletimiziň hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň, baky Bitaraplyk taglymatynyň sebitde, bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda öňe sürýän başlangyçlary, türkmen halkynyň milli ýörelgelerine esaslanýan, hoşniýetli gatnaşyklara, parahatçylyga gönükdirilen Bitaraplyk syýasaty babatdaky taryhy tejribesi bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen  2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi, 2020-nji ýyl bolsa “Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany ýyly” diýen şygar öňe sürülmegi halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginden, hoşniýetliliginden habar berýär.

       Bitaraplyk–bu mukaddes düşünje. Onuň düýp mazmunyny açyp görkezmek, Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň halkymyza eçilen miweleri, asuda Diýarymyzyň halkara gatnaşyklary babatynda ýeten belent sepgitleri dogrusynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi “Bitaraplyk bagty” ady bilen baýramçylyk söhbetdeşligini geçirdi. Baý many-mazmuna eýe bolan muzeý gymmatlyklarynyň baýramçylyk sergisine beslenen  söhbetdeşlige Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, “Daşoguz habarlary” gazetiniň habarçysy, şahyr Bally Seýitberdiýew, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Sapargül Saparowa we  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagy gatnaşyp ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi, ösüşleri, özgerişleri, ýeten belent sepgitleri barada we Hormatly Arkadagymyzyň çuň paýhasa ýugrulan kitaplary hakynda täsirli söhbet etdiler.