DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

2021-nji “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk sergisi muzeý gymmatlyklaryndan we şekillendiriş sungaty eserlerinden gurnalyp, ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýylynda muzeý işgärleriniň sowgady boldy.

  Sergini Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow dabaraly açyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründeýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän ornunyň, ähmiýetiniň, şeýle-de at-abraýynyň barha belende galýandygy barada çykyş etdi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýol-ýörelgesi–parahatçylygy, ynanyşmagy, birek-biregi goldamagy, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy wagyz edýän bu sergide ýerleşdirilen nakgaş eserlerini synlanyňda Watanymyza söýgini, buýsanjy, bagtyýar geljege bolan ynamy artdyrýar. 

 Sergini synlan her bir tomaşaçynyň kalbynda tutuş adamzadyň bagtyýarlygy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hoşallyklarynyň çägi ýok. 

07.01.2021 ý.