Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2021-nji “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzyň baş baýramy–Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary geçirmeklige işjeň girişildi. Şeýle ýatda galyjy aýdym-sazly duşuşyklaryň biri muzeýde 2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda “Halypa hatyrasy” ady bilen geçirildi.
Duşuşyk bagşyçylyk ýolunyň rowaçlanmagynda öz saldamly goşandyny goşan merhum halypa dessançy bagşy, Türkmenistanyň Halk bagşysy Hojamyrat Öräýewiň sungat ýoluna bagyşlandy. Bagşynyň aýaly-Gül Rejepowa, ogul-gyzlary Baky, Soltanbagt Rejepowalar, agtygy Käbeşyh Bakyýew we şägirdi Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Sabyr Sabyrow bagşynyň “Öre Şyhyň ýoly” ady bilen yz goýan özboluşly ýoly, şol ýoluň häzirki wagtda dowam etdirilişi barada söhbet etdiler hem-de dessandan parçalar, aýdym-sazlaryň birnäçesini ýerine ýetirdiler.
Duşuşykda muzeý işgärleri halkymyzyň hakydasynda öçmez yz goýan ägirt sungat ussatlarynyň atlaryny ebedileşdirmek, ömri we döredijiligini giňden öwrenmek, halk köpçüligine ýaýmak ugrunda häzirki döwürde durmuşa geçirilýän sahawatly işleriň her bir ynsan kalbynda Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýändigi dogrusynda çykyşlary etdiler.
29.01.2021ý.