DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

SUNGATDA PARAHATÇYLYGYŇ BEÝANY

        Daşoguz  welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde  ýurdumyzda  bellenilýän şanly senelere bagyşlanyp   şeýle-de sungatyň dürli ugurlary boýunça yzygiderli gurnalýan wagtlaýyn sergiler  ildeşlerimiziň ruhy taýdan dynç almagy üçin uly ýardam edýär. Şeýle sergileriň biri ýakynda Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň ýerine ýetiren dürli görnüşli nakgaş eserlerinden gurnaldy. Bu  ýörite  sungat  mekdebiniň muzeýde gurnalan döredijilik sergisiniň  nobatdaky  tapgyrynda  mugallym  Çemen  Annamuradowanyň,  talyplar  Ogulnur  Satlykowanyň,  Kakajan  Öräýewiň, Nartäç  Abdullaýewanyň ýerine ýetiren eserleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Olaryň  eserlerinde  Watanymyzyň  Garaşsyzlygynyň şanly  30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda Hormatly Prezidentimiziň  başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň “Türkmenistan–parahatçylygyň  we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýip atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň  durmuş-ykdysady ösüşiniň dürli ugurlaryndaky ösüşler, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk  söýüjilik  orny  aýdyň görünýär. Şunuň bilen birlikde, sergide türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ynsanperwer  ýörelgelerini  we  gözel tebigatyny wasp edýän eserlere hem giň orun berildi.   13.02.2021 ý.