Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2021-nji - “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Mertler Watany Beýgeldýär” atly kitabynyň esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda “Watan waspy” atly surat çekmek boýunça sergi bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň şekillendiriş sungaty hünär ugry boýunça bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.
Sergide okuwçylaryň suwly reňkde, guaşda, tuşda çeken suratlarynda mähriban Watanymyz, baýramçylyk günleri hem-de türkmen esgerleriniň Watan goragyndaky keşpleri ussatlyk bilen wasp edilýär. Bäsleşige gatnaşan okuwçylarynyň arasynda birinji, ikinji, üçünji orna hem-de höweslendiriji orunlara aýratynlykda tapawutlanan surat eserleri mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 13.02.2021 ý.