DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Ene keramatdyr, keremdir

     Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mährem eneler,           gelin-gyzlar barada uly alada edilýär. Döwletimizde zenanlaryň bitirýän uly hyzmatlaryna goýulýan sarpa  Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan her bir işinde aýdyň duýulýar. Bahar paslynyň ilkinji günlerinde baharyň özüne çalymdaş zenanlaryň şanyna bellenýän baýram–Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmagy hakyndaky Karara gol çekmegi hemmeleriň şatlygyny artdyrdy. Bagtyýar döwrümiziň bagtly zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de uly şatlyk-şowhuna beslenen ýagdaýda giňden geçirildi. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, welaýatda hereket edýän ähli muzeýleriň gelin-gyzlarynyň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk duşuşygynda gutlag sözi bilen çykyş etdi. Baýramçylyk maslahatyna gatnaşyjy zenanlar, zenan mertebesini döwlet derejesinde sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän aladalaryna hoşallyk sözleri bilen yzygider çykyş etdiler. 

* * *

      Halkara Zenanlar gününiň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurylyş dabaralary bilen birlikde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem dürli ugurlarda tapawutlanyp zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzy has-da höweslendirmek maksady bilen baýramçylyk çärelerini giňden geçirýär. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de  Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda muzeýde geçirildi. 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ýurdumyz berkarar – zenanlar bagtyýar” ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresine Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň işjeň agzalary bilen birlikde muzeý işgärleri hem gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresini TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Sapargül Kuliýewa gutlag sözi bilen açyp, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şirin Allabaýewa, Türkmenistanyň Türkmenbaşy DTB-nyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň hünärmeni Selbi Hojakowa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagylar ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa barada hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk çäresiniň dowamynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň işjeň zenanlarynyň birnäçesine TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň Hormat hatlary we sowgatlary dabaraly ýagdaýda  gowşurlydy.

       Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde Halkara  zenanlar  güni  mynasybetli gurnalan       “Ene keramatdyr, keremdir” atly baýramçylyk sergisi geçirilen dabaralaryň täsirliligini has-da artdyrdy. 02.03.2021.ý