Asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, il sylagly ýaşulularyň “Bissimillasy” bilen gowaça ekişine welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Biruny adyndaky daýhan birleşiginiň giň pagta meýdanlarynda başlandy.
Möwsümiň öňüsyrasynda, oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň okgunly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahata gatnaşyjylara Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zallaryna gezelenç guraldy. Maslahata gatnaşan “Ak altynyň” bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda zähmet çekýän agranomlar, mehanizatorlar, pagtaçy kärendeçiler daýhançylygyň milli däpleri, dürli döwürlerde ulanylan oba hojalyk gurallary hem-de serişdeleri bilen tanyşdylar. Muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde gurnalan sergi özüniň köpöwüşginliligi bilen, oňa syn edenlerde uly täsir galdyrdy.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan milli gymmatlyklarymyzyň sergisi baýramçylyk meýdanynyň şowhunyny artdyrdy. 31.03.2021 ý.