Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda türkmen halkymyz, owadanlykda hem ýyndamlykda dünýä meşhur behişdi bedewlerimiziň hem-de ak öýlerimiziň gelişigi türkmeniň alabaýynyň şan-şöhratyny belende galdyryp, toý toýlaýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli golaýda, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýindeDaşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz welaýat medeniýet müdirligi, Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasy hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda welaýatymyzyň höwesjeňleriniň, suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, bilim işgärleriniň, halyçylaryň arasynda “Türkmen bedewleri hem-de türkmen alabaýy milli buýsanjymyz” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çekeleşikli geçen bu bäsleşige hödürlenen eserlerde türkmen bedewiniň we alabaýynyň keşpleri dürli reňklerde, şeýle-de oba hojalykda ösdürilip ýetişdirilýän däneli ekinler: tüwi, mäş, dary, künji, gawun, garpyz we günebakar ösümlikleriniň çigitlerinden şekillendirilen keşplerde, haly çitimlerinde, heýkeltaraş işlerinde wasp edilýär. Muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölümini bezäp oturan bu özboluşly bäsleşik sergisinde ýerleşdirilen sungat eserleri behişdi bedewlerimiziň hem-de wepaly türkmen alabaýynyň, halkymyzyň gadymy atşynaslyk we seçgiçilik sungatynyň dowamat-dowam bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň KA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy. 07.04.2021 ý.