DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

GADYMY SUNGATYŇ BEÝIK SENEDI

      Milli mirasymyzy bütin dünýä ýaýmak, onuň gadymylygyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, şeýle hem zehinli ýaşlary halk köpçüligine tanatmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de giň gerimli işler alnyp barylýar. Golaýda muzeý işgärleri “Dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak, bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO–nyň adamzadyň maddy däl mirasynyň görnükli nusgalarynyň                    sanawyna hödürlenmegi mynasybetli “Gara gazma dil bitiren”atly aýdym-sazly duşuşygyny gurady. Duşuşyga S.Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy, dutar ussasy Maksat Magtymow, S.Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Annaýew dagylar gatnaşyp, öz senetleri, onuň inçe tilsimleri we dutaryň, gyjagyň gurluşy hakynda gürrüň berdiler. Halk arasynda “Bagşyly halk-bagtly halk” diýen pähim dogrusynda, halkymyzyň milli medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen aýdym-saz sungatynyň täsin dünýäsi barada muzeýiň direktory Allanazar Garajanow täsirli çykyş etdi. Duşuşygyň dowamynda muzeý işgärleri bilen dutar ussasynyň arasynda sowal-jogap alşyldy.

        Geçirilen bu duşuşyk ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň gadymy dutar ýasamak senetçiliginiň, milli aýdym-saz  sungatynyň ösdürilýändiginiň alamatyna öwrüldi.

 05.04.2021 ý.