DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

WATAN GERÇEKLERI BAKY DIRIDIR

      Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler bölüminde “Watan gerçekleri baky diridir” atly şygar bilen baýramçylyk sergisi guraldy. Sergide, uruş döwrüniň kynçylykly durmuşyny, türkmen esgerleriniň merdanalygyny, tyldaky ýaşaýşyň dürli pursatlaryny şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň birnäçesi sergilendi.

      Serginiň görnükli ýerinde hormatly Prezidentimiziň atasy ilhalar ynsan, esger mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ömri-döredijiligine, gahrymançylykly ömür ýoluna bagyşlanan gymmatlyklar ýerleşdirildi.

      Şol döwür barada köp zatlary bilmäge mümkinçilik döredýän sergi bilen birlikde Bagtyýarlyk döwrüniň hözürini görüp ýaşaýan–bagtyýar weteranlar bilen muzeý işgärleriniň duşuşygy hem guraldy. Duşuşyga 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weterany Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Jumabaý Nurmedow gatnaşyp, türkmenistanly esgerleriň urşuň gazaply-synagly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikeri üçin söweşjeň ordenlere we medallara mynasyp bolandyklary hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özleri barada edilýän aladalar barada uly buýsanç bilen gürrüň berdi.              03.05.2021ý