DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ŞUGLASY NUR SAÇÝAN BINA

        “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň     21-nji  iýulynda  hormatly  Prezidentimiz  Gurbanguly  Berdimuhamedow  mukaddes Gurban  baýramynyň  bellenilýän  sahawatly  günlerinde Daşoguz  welaýatyna amala  aşyran  iş saparynyň çäginde, welaýat merkezinde gurlan  döwletli döwranymyzyň şaýady, toý-baýramlarymyzyň mekany boljak “Türkmeniň  ak öýi” binasynyň  açylyş  dabarasyna  gatnaşdy. 

    Özboluşlylygy hem-de milli öwüşgüni bilen tapawutlanýan binanyň bezeglerinde halkymyzyň köp asyrlyk däpleriniň iň gowy görnüşlerini özünde jemläp, çuňňur milli äheňli hem-de görnüşleri boýunça örän köpugurly nusgalar şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup ulanylmaga berilen “Türkmeniň ak öýi” binasynda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan hem-de biziň günlerimizde aýawly saklanýan     däp-dessurlary açyp görkezýän “Sergi zaly” bu aýdylan görnüşlere özboluşly bezeg berýär. Binanyň “Sergi zalynda” paýhasly pederlerimiziň döreden milli gymmatlyklaryna, haly we haly önümlerine şeýle-de welaýatymyza mahsus bagşyçylyk sungatyna, milli saz gurallaryna, milli lybaslara, köp öwüşginli keramika önümlerine, bu sebitiň durmuş ulgamy barada gürrüň berýän  gymmatlyklara uly orun berildi.

     Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem däp bolşy ýaly, hormatly  Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen dabaralara işjeň gatnaşdy.   21.06. 2021 ý.