Milli mirasymyzyň hak hossary Gahryman Arkadagymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny-milli mirasymyzy ösdürmek barada edýän tagallalaryndan ugur alyp, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bagşyçylyk sungaty we dessan ýoluny wagyz etmek maksady bilen “Garaşsyz Watanym dilde-dessanym” ady bilen, welaýatymyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik we milli mirasymyzy beýan edýän sergi guraldy.
Özboluşly täsirli geçen bu söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Hudaýberen Baýramow, S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň direktory Wepa Nurmuhammedow, Görogly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň direktory Arazmyrat Berdiýew dagylar çykyş edip halypa şägirtlik gatnaşyklary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagşyçylyk sungatyna berilýän üns dogrusynda gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatynyň muzeý işgärleri, bagşyçylyk sungatynyň ýurdumyzda ösdürilşi we halk arasynda wagyz edilşi barada çykyş etdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşyjylar muzeýiň wagtlaýyn sergiler zalynda gurnalan bagşyçylyk sungatyny hem-de milli mirasymyzy beýan edýän sergä-de syn etdiler. 19.08.2021 ý.