DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

Türkmenistan parahatçylyk dörediji döwletdir

Şeýle şygar astynda 20-nji awgustda ýurdumyzyň muzeýleriniň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirileniş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň,  6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli we netijeli geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy halklaryň ýakynlaşmagyna we dost-doganlygyň berkemeginde uly ähmiýete eýe bolandygy dogrusyndaky çykyşlara uly orun berildi.

      Şeýle hem maslahatyň dowamynda  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly   30 ýyllygy mynasybetli welaýat merkezlerinde ýerleşen ýörite orta okuw mekdeplerde muzeý gymmatlyklarynyň göçme sergilerini guramaklyk babatynda-da pikir alşyldy.   20.08.2021 ý.