DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

MÄHIR MUKAMY SIŇEN SUNGAT

         Ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerini ýaýbaňlandyrmak şeýle-de hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň, ören jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda “Mähir mukamy siňen sungat” atly maslahat geçirildi. Maslahata muzeý işgärleri bilen bilelikde syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

      TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Selbi Şamyýewa, TMÝG-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Çynar Mämmedowa, mährem ene Ogulsoltan Öwezowa, Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Gunça Seýidowa, TMÝG-nyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa hem-de muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa dagylar bu nepis senediň geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän ajaýyp taryhynyň, döwletlilik ýörelgäniň özeninden gaýdýan gymmatlykdygy dogrusynda buýsançly çykyş etdiler. Çykyşlarda bu mähriban zenana tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

     Maslahata gatnaşyjylar Ogulabat ejäniň nepis el işlerini mawy ekran arkaly içgin synlandyklaryny, olaryň muzeýe gowşurylmagynyň halkymyzyň dowamatlylygynyň saklanyp galmagyna we milli gymmatlyklaryň hataryndaky ruhy-genji hazynanyň geljekde hem giňden wagyz ediljekdigini bellediler. 22.05. 2021 ý.