Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi bilen bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasynyň hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli muzeýde “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly baýramçylyk dabaraly maslahaty geçirildi.
Şanly senelere bagyşlanan maslahatda ilki bilen, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Aşyrdurdy Allaýew çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň milli däplerimizi dikeltmäge, aýawly saklamaga, olary wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, muzeýiň bölüm müdiri, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulbibi Ataýewa, muzeýiň hünärmeni Laçyn Nurmedowa, TKA-nyň welaýat birleşmsiniň pudaklaýyn utgaşdyryjysy Haltäç Bäşimowa dagylaryň çykyşlarynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly milli medeniýetmiziň gülläp ösüşine şan goşjak wakalara beslenýändigi aýratyn nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda muzeý işgärleriniň ençemesi TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hem-de TDP-nyň Daşoguz şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.
Muzeýiň wagtlaýyn sergiler bölüminde gurnalan baýramçylyk sergisi bu gezekki geçirilen baýramçylyk maslahatynyň täsirliligini has-da artdyrdy. 02.06. 2021 ý.