DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ÇÄJIŇIZE BEREKET, EDERMEN GALLAÇYLAR!

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda hem   saçaklaryň rysgal-berekedi guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanynda Hormatly Prezidentimiziň “Ak pata” bermeginde welaýatyň il sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň galla oragyna girişildi.

     Şu mynasybetli Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde il sylagly ýaşulularyň, oba hojalygyna dahylly hünärmenleriň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda gezelenç guraldy, bu gezekki gezelenç halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşykly täsirli pursatlara baý boldy.   12.06. 2021 ý.