“Türkmenistan–pahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda giňden bellenilýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna Merdan Kakabaýewiň özi tarapyndan, 30 sany nakgaş eseriniň sowgat berilmegi buýsançly ýagdaýdyr. Suratkeş Merdan Kakabaýewiň çuň mana ýugrulan eserleriniň muzeýe sowgat berilenleriniň sanynyň barha köpelýändigi, hem-de olaryň tomaşaçylar, ýetginjek suratkeşler tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylanmagy zehinli suratkeşiň döredijiligini ýene-de ruhlandyrýar.
Halk arasynda Merdan Gubadagly ady bilen tanalýan bu suratkeşiň sowgat beren täze eserleri Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagtlaýyn sergiler zalynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gurnalan “Garaşsyzlyk ýyllarynyň belent sepgitleri” atly baýramçylyk sergimize özboluşly bezeg berdi.
Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanyp barha kämil eserleri döredýän Merdan Kakabaýewe döredijilik ýolunda uly üstünlikleri arzuw edýäris!