DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ TARYHY
WE ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI
    • Turkmen
    • Русский
    • English

ARKADAGLY ZAMANDA GALKYNÝAR MEDENIÝET

ady bilen Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi. “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda muzeý işinde gazanylan üstünlikler hem-de geljek 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly diýip atlandyrmak baradaky öňe sürülýän teklibiň muzeý işgärleriniň arasynda hem gyzgyn goldawa eýe bolandygy baradaky buýsançly çykyşlar dabaranyň esasy mazmuny boldy. Daşoguz welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Allanazar Garajanow, TMÝG-nyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri Serdar Şyhyýew, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew, Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Halk ussasy Öre Annaýew dagylar çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän üstünlikli işleriň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda-da dowamatynyň dowam bolmagyny arzuw etdiler.  08.12.2021 ý.